Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy

15:0830.03.2019
0
3363

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen piroliz benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Irlandiýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri portlandsementi, reňksiz aýnany, plastik gaplary, tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügi, buýan köküniň erginini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 494 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan we Şotlandiýadan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 324 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň