Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtoulag sergisine taýýarlyk görýär

15:0530.03.2019
0
16053

29-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtoulag sergisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Bu sergide ýeňil, ýük, ýolagçy hem-de ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň dürli nusgalary görkeziler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sergileriň hem-de işewürlik maslahatlarynyň geçirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde Türkmenistanyň eksport kuwwatyny has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere halkara sergä awtomobil gurluşygynda ýöriteleşdirilen dürli kompaniýalaryň gatnaşmagyny üpjün etmegi hem-de ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Halkara sergi şu ýylyň 3-5-nji iýuly aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň