Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary ýokary netijelere beslendi

14:3330.03.2019
0
7341

Türkmenistanyň MInistrler Kabinetiniň 29-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon işçi toparynyň duşuşyklarynyň çäklerinde nebitgaz we himiýa pudaklarynda özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC), Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI), Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň taslamasy we beýleki bilelikdäki taslamalar boýunça gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda degişli ylalaşyklar gazanyldy. 2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda gol çekilen Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Ýol kartasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler seljerildi.

Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy we bu komitetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Olar ýurdumyzda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalarda oňa goldaw berjekdiklerini nygtadylar. Şeýle hem mümkin bolan täze ugurlarda zerur işleriň geçirilmeginiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda ady agzalan komitetiň 23 — 24-nji maýda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän 13-nji mejlisine çynlakaý taýýarlygyň wajypdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, nebitgaz ulgamynda ýöriteleşen ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Hususan-da, «Kawasaki» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda gurlan tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawody ulanmaga bermek boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlygyň meseleleri, şeýle hem kärhananyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy boýunça degişli teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Sojitz» kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan gepleşiklerde Türkmenabatdaky himiýa zawodynda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça önümhananyň taslamasy boýunça gürrüň boldy. «Mitsubishi» kompaniýasy bilen bolan gepleşiklerde Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem «Itoçu», «Highchem», «Sumitomo», «Mitsubishi», «Sojitz» kompaniýalarynyň wekilleri bilen nebitgaz we himiýa pudaklarynyň önümlerini ýerleşdirmek hem-de eksport etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ýokarda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça Duşuşygyň Teswirnamasy, «Sumitomo» kompaniýasy bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Sojitz Corporation» kompaniýasynyň arasynda fosfor dökünlerini öndürýän önümhanany gurmak boýunça 2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda gol çekilen Çarçuwaly ylalaşyga Goşmaça bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler geçirilmegine uly ähmiýet berýän oba we suw hojalygynyň möhüm meseleleri boýunça Ýaponiýanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň departamentiniň baş direktory bilen duşuşyklar geçirildi. Onda öňdebaryjy tehnologiýalary we ýapon hyzmatdaşlaryň sil suwlaryny ilatly ýerlerden sowmak we olaryň öňüni almak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak meselelerine garaldy.

Şeýle hem «Marubeni», «Sojitz», «Itoçu», «Komatsu» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda suw arassalaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen birlikde, degişli bilelikdäki taslamany ýerine ýetirmek üçin ýapon tarapy bilen «Komatsu» kysymly ýer gazýan tehnikalary tapgyrlaýyn esasda getirmek boýunça ylalaşyk gazanmak babatdaky meselelere garaldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça ýokarda agzalan tehnikany satyn almak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Maliýe-bank hyzmatdaşlygy boýunça Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy hem-de wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýa bolan saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen, suw hojalyk we awtoulag ulgamyndaky taslamalar boýunça gutarnykly resminamalara gol çekmek maksady bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Halkara hyzmatdaşlyk banky we Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş edarasy bilen maslahatlar geçirildi.

Saparyň dowamynda ulag babatda Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi. Iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň we Türkmenistana ýapon önümçiligindäki awtoulaglary getirmegiň meseleleri Ýaponiýanyň Ulag, infrastruktura, aragatnaşyk we syýahatçylyk ministrliginiň Raýat awiasiýa býurosynyň direktory, syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň prezidenti we «Sumitomo» kompaniýasynyň departamentiniň baş dolandyryjysy bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunlukda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Onda syýahatçylyk we ulag babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasy bilen geçirilen duşuşygyň Teswirnamasy, Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen geçirilen gepleşikleriň Teswirnamasy bar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan iş saparynyň dowamynda döwlet we hökümet resmi wekilleri bilen aýry-aýry duşuşyklar geçirildi. Hususan-da, Ýaponiýanyň Parlamentiniň spikeri, wekiller palatasynyň başlygy bilen duşuşyk boldy. Bellenilişi ýaly, ýapon tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyny goldamak bilen, bu ýurduň işewür düzümleriniň we maliýe edaralarynyň geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň wekilleriniň duşuşyklarynyň möhümdigi baradaky meseleler duşuşygyň özenini düzdi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajypdygy nygtaldy.

Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşygynda türkmen-ýapon gatnaşyklaryny syýasy-diplomatik ugurlar boýunça ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şunlukda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki, şeýle hem «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşyklar görnüşindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Şäher gurluşygy, suwdan rejeli we netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary Tokio şäheriniň gubernatory bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi bilen duşuşdy. Onda netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny, hususan-da, oba hojalygynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna çykylmagyny artdyrmak meselelerine seredildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň bir şäheri bilen Tendo şäheriniň arasynda doganlyk şäher hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyny teklip etdi.

Şeýle hem oba hojalyk ulgamynda Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine seretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Tendo şäheriniň häkimi bu teklipleri doly kabul edip, ony hünärmenler derejesinde işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem 26 — 28-nji martda ýapon paýtagtyndaky «Tokyo International Forum» Sergi merkezinde «Jitac Europeon Textile Fair Spring — 2019» halkara sergisi geçirildi. Onda ýurdumyzda öndürilen dokma we tikinçilik önümleri görkezildi. Olar bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekdi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde jemi 22 duşuşyk we gepleşikler geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça 7 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary senagat, oba hojalyk ulgamlaryna degişli on sany önümçilik desgalary bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda «Nissan», «Toyoto» kysymly awtoulaglary we «Komatsu» tehnikalary öndürýän kärhanalar, suw arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işleýji, maldarçylyk kärhanasy hem-de ýyladyşhana bar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň wekilleri sport, bilim we oba hojalyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça geňeşmeleri geçirmek maksady bilen, Ýaponiýanyň paýtagtynda saparda bolýarlar.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde esasy ugur bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda deňhukukly, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak arkaly ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň netijeleri muny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar köptaraplaýyn esasda we abraýly halkara, sebitara guramalaryň düzümleriniň, hususan-da, «Merkezi Aziýa +Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde berkidilýär. Parlamentara derejesinde ýola goýulýan gatnaşyklara yzygiderli häsiýet mahsusdyr. Taraplar bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw berýär.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet, senagat ulgamlaryndaky özara peýdaly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de ösdürmek, netijeli işewür gatnaşyklary we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň doly derejede amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýlelikde, Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe iri düzümleýin taslamalar amala aşyryldy. 2014-nji ýylda Maryda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça zawodlar toplumy, geçen ýyl Balkan welaýatynda «Garabogazkarbamid» zawody hem-de Gyýanlyda polimer gazhimiýa toplumy ulanmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Himiýa senagaty we energetika pudagy boýunça täze bilelikdäki kärhanalary gurmakda tagallalary utgaşdyrmak boýunça ägirt uly mümkinçilikler bar. Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy netijeli hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz senagatlaşdyrmak ulgamyny esasy ugur edinýän Türkmenistanyň täze ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, täzeçil usullar esasynda işleýän önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine mundan beýläk-de meýillidigini belläp, ýapon hyzmatdaşlarynyň bu ugurdaky tejribelerini özleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Hyzmatdaşlygyň häzirki zaman möhüm ugurlaryny nazarda tutanyňda, ulag-logistika pudagy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy geljegi uly ugurlaryň hatarynda durýar.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegidir. Ikitaraplaýyn ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. 2016-njy ýylda Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we ýöriteleşdirilen orta mekdebiň açylmagy, olaryň maksatnamasyna ýapon dilini öwrenmegiň girizilmegi, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklarynyň baý medeniýeti we sungaty, özboluşly milli däpleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän bilelikdäki döredijilik çäreleriniň ähmiýetlidigini belledi hem-de bu işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Syýahatçylyk hem özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi dünýäniň jahankeşdeleriniň ýurdumyza, onuň taryhy-medeni ýadygärliklerine we tebigy aýratynlyklaryna bolan gyzyklanmalarynyň artmagy bilen şertlendirilýär.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, ägirt uly mümkinçilikler we anyk mazmun bilen berkidilýän ikitaraplaýyn hoşniýetli erk hem-de gyzyklanmalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine kuwwatly kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň ýardam berýändigini belledi. Munuň özi ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dürli pudaklarda netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn we uzak möhletleýin esasda ösdürmek ugrunda maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli dowam etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň