Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal çempionatynda 5-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

23:5429.03.2019
0
4080

Şu gün Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň futzal çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Günüň ilkinji duşuşygynda janköýerler derwezelerden 18 pökginiň geçirilmegine şaýat boldular. "Serhetçi" bilen "Ahalyň" arasyndaky bu duşuşyk 7:11 hasabynda "Ahalyň" futzalçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Ikinji duşuşykda "Nesil" ýerli TNGIZT-ni 5:3 hasabynda ýeňen bolsa, üçünji duşuşykda "Senagat" "Gümrükçiden" 3:2 hasaby bilen üstün çykdy. "Daýhanbank" bolsa "Talyp sportundan" 0:2 hasabynda asgyn geldi. Içeri işler ministrliginiň "Köpetdagy" bilen Goranmak ministrliginiň "Milli goşunynyň" arasyndaky duşuşyk bu toparlaryň birinjisiniň 5:3 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Tapgyryň jemleýji duşuşygynda ýerli "Deňizçi" "Migrasiýany" 1:0 hasabynda ýeňdi.

5-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra, 12 utuk toplan bilen iki topar - "Deňizçi" bilen "Senagatbank" ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, çempion bolan topar yklym ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň