Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: ertir 3-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

22:3529.03.2019
0
5278

Ertir - 30-njy martda Türkmenistanyň futbol çempionatynda üçünji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler. Iki günüň dowamynda tapgyryň üç duşuşygy geçiriler. 31-nji martdaky "Energetik" - "Altyn asyr" duşuşygy bolsa myhman toparyň AFK-nyň kubogy - 2019-yň çäginde "Dordoý" bilen geçiriljek duşuşyk üçin Gyrgyz Respublikasyna gidýändigi sebäpli, 22-nji maýa geçirildi.

Ertir çempionata ýeňiş bilen girişen "Ahal" ikinji tapgyrda ýeňiş gazanan "Nebitçini" kabul eder. Häzir bu toparlaryň ikisiniň hem 3 utugy bar. Bassyr iki duşuşykda utuk gazanyp bilmedik "Aşgabat" bolsa ilkinji utugyny ýa-da utuklaryny kenarýaka şäherde "Şagadam" bilen boljak duşuşykda almaga çalyşjak. 31-nji martda janköýerleriniň öňünde mösümdäki ilkinji duşuşygyny geçirjek "Merw" "Köpetdagy" kabul eder.

30.03.2019 (şenbe)

“Ahal” – “Nebitçi”

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

 

31.03.2019 (ýekşenbe)

“Şagadam” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

 

“Merw” – “Köpetdag”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

 

“Energetik” – “Altyn Asyr”  (geçirilen 22.05.2019 ý.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň