Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Igor Makarow bilen ýurtda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdy

03:3729.03.2019
0
5348

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşdy. Bu kompaniýanyň merkezi edara binasy Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýär.

Irden işewür Andalyp köçesi bilen Köpetdag şaýolunyň kesişýän ýerinde oturdylan, ady rowaýata öwrülen Ýanardagyň hormatyna gurlan binanyň ýanyna geldi.

Birnäçe wagtdan soň bu ýere hormatly Prezidentimiz geldi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň alyp barýan işleri barada gysgaça habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy welosipedli ýol ugrunda töweregiň gözelliklerini synladylar, ýaz pasly dag etekleriniň ajaýyp özboluşlylygyny, altyn öwüşginli şekilleri döretdi.

Söhbetdeşligiň barşynda özara tejribe alyşmagyň, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň welosiped sportuny toplumlaýyn ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döretmäge ýardam edýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman Halkara ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda ýokary netijeli sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmekde, şeýle hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde döwlet Baştutanymyzyň bitiren ägirt uly işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde milli Liderimizden sport welosipediniň iň täze görnüşini sowgat hökmünde kabul etmegini haýyş etdi.

Milli Liderimiz sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, halkara holdingiň ýolbaşçysyna sport ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge önjeýli goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Ýurdumyzda kemala gelýän, ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülere kybap gelýän döwrebap köpugurly sport düzümi welosipedçi türgenleri taýýarlamak üçin Türkmenistanda ýörite Olimpiýa mekdebini açmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär, bu ýerde halkara derejeli welosipedçi türgenler taýýarlanylar.

Döwlet Baştutanymyz işewüriň aýdan tekliplerini makullap, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini belledi. Şunda diňe beden taýdan kämil ýaş türgenleri ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem, olarda watançylyk hem-de öz ýurduna buýsanç duýgusyny ösdürmek möhüm wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan döwletimiz dürli ugurlarda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy berkidýär diýip belledi. Döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribäni çekmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Häzir dünýäniň işewürleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz we beýleki ulgamlarda iri taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan «ARETI» halkara kompaniýalar topary bilen köpýyllyk bilelikdäki işleriň netijeli häsiýeti bellenildi.

I.Makarow ykdysady ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklary giňeltmäge holdingiň uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ýurdumyzda kompaniýanyň amala aşyrýan işleri hakynda hasabat berdi.

Hazar deňziniň türkmen böleginde halkara bilermenleriň ýokary baha berýän ägirt uly uglewodorod serişdelerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary ýurtly belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk iri halkara taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň kepili bolup durýar. Şol taslamalar sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmegi hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklaryň ägirt uly gorlaryny özleşdirmäge, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ýollaryny artdyrmaga uly üns berýän dünýäniň energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da berkitmegi ugur edinýär.

Şunuň bilen baglylykda, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň Hazar deňzinde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Uzynada ýatagyny özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, şu gün gol çekiljek «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bu ugurda bilelikde üstünlikli işlemek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Gorlary boýunça baý bolan bu ýatagy işläp taýýarlamagyň geljegi uly bolup durýar. Uzynadada ýerleşen guýy Merkezi Aziýa sebitinde iň çuň guýy hasaplanýar. Bu ýerde degişli işleriň geçirilmegi ýakyn geljekde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işewüre birnäçe anyk maslahatlary berdi.

Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyndaky 21-nji toplumda meýilleşdirilýän işler barada habar berildi. Bu taslama bolan gyzyklanma onuň ägirt uly serişdeler kuwwaty hem-de Türkmenistanda daşary ýurt işewürleri üçin döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilendir diýip, myhman belledi.

Milli Liderimiz holdingiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine işewür çemeleşmesini goldap, aýdylan ähli teklipleriň ýakyn wagtda düýpli öwreniljekdigini belledi.

Şeýle hem şunda Türkmenistanyň tassyklan tebigaty goramak hakynda halkara Konwensiýalarynyň umumy kabul edilen kadalary nazara alnan maýa goýum taslamasynyň ekologiýa bölegi möhüm mesele boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegi hem-de abraýly daşary ýurt bilermenleriniň netijenamalary boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak boýunça strategiýasy bilen baglylykda, Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa nukdaýnazaryndan has oňaýly hasaplanýar, munuň özi bu ugurda işleriň maksadalaýyk geçirilmegi bilen düşündirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşygy, nebitgaz pudagy, himiýa senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy ulgamlarynda ugur görkeziji bolup, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri halkara we sebit taslamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli Liderimiz 21-nji toplumda geçiriljek işleriň ähmiýetini belläp, I.Makarowa ekologiýa kadalaryny üpjün etmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Işewür öz kompaniýasyna bildirilýän ynam üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, «ARETI» halkara kompaniýalar topary geljekde hem hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşer.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, toplumda idedilýän bedewler bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz Şapolat atly bedewiň ýanyna baryp, bahar güneşiniň astynda ynsan gylykly bedew bilen birsellem gezelenç etdi.

Milli Liderimiz özüniň ahalteke bedewlerine bagyşlan ylmy we edebi eserlerinde milli atşynaslyk däpleriniň rowaçlanýandygyny, ýurdumyzda bu pudagyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigini, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny belleýär. Ahalteke tohum atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görülýär, ýurdumyzyň atşynaslyk pudagynyň halkara ugurdaş düzümlerine goşulmagy, bu babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.

Ýelden ýüwrük behişdi bedewleriň ýyndamlygy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly hereketini beýan edýär. Çünki ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklaryny, döwrüň döredijilikli ruhy göterilişini alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra milli Liderimiz «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Makarow bilen bilelikde Olimpiýa şäherçesiniň welotrek toplumyna bardy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz we I.Makarow Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda işewür dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan sportuň bu görnüşini has ýokary derejä çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda stadionlaryň, sport toplumlarynyň onlarçasyny öz içine alýan döwrebap düzümi netijeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Sport ulgamynyň we oňa degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi ýokary netijeli sporty ösdürmekde aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň halkara derejede geçirilýän ýaryşlarda ýokary netijelere eýe bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň üstünligine şaýatlyk edýär.

Holdingiň ýolbaşçysy Türkmenistanda sportuň ähli görnüşleriniň işjeň ösdürilýändigini belläp, bedenterbiýe-köpçülikleýin hereketi, şol sanda welosiped sportuny ösdürmek boýunça döwlet derejesinde anyk işleriň geçirilmeginiň guwançly ýagdaýdygyny nygtady.

Soňra myhman sebitde iri Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän ýapyk welotrek zalynda sport welosipedinde öwrüm etdi. Häzir bu ýerde türkmen türgenleri tälim alýarlar we halkara ýaryşlara taýýarlyk görýärler.

Welosiped sporty bilen içgin gyzyklanýan we bu ugurda oňyn tejribe toplan «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy türgenleşikleri we halkara ýaryşlary geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertleriň dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýändigini belledi.

I.Makarow welosiped sürmegi tamamlap, bu ýerde özüniň söýgüli sporty bilen meşgullanmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz holdingiň ýolbaşçysynyň sowgat beren kämil sport welosipedinde şäherçäniň welotrek toplumynda aýlaw etdi.

Welosiped sportunyň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilendigini bellemek gerek.

Sportuň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine we gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýän Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ýurdumyz sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär, dünýä döwletleriniň onlarçasyndan türgenleriň gatnaşmagynda ýurdumyzda iri ýaryşlar yzygiderli geçirilip başlandy.

Häzirki döwürde türgenleri terbiýelemek, olarda maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, halkara derejeli ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga bolan erki kemala getirmek meselelerine uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda amala aşyrýan syýasaty anyk netijeleri berýär, türkmen sporty bu gün hil taýdan täze derejä çykýar.

Ýurdumyzda sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler halkara bileleşigiň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýanyň ähmiýetini bellemek gerek. Dünýäniň 56 döwletiniň awtordaşy bolup çykyş eden şol resminama Türkmenistanyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu taryhy waka biziň döwletimiziň halkara abraýynyň artýandygyny, onuň amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyny bütin adamzadyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýandygyny aňladýar.

Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz we işewür sport ulgamynda, hususan-da, welosiped sporty babatda netijeli gatnaşyklary berkitmegiň uly ähmiýetini bellediler, munuň özi Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge ýardam edýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy anyk netijeleri ugur edinýän, däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz myhmana işinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

***

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara binasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, şeýle hem «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu resminamanyň ähmiýetini belläp, gol çekilen Ähtnamanyň düzgünlerini iş ýüzünde amala aşyrmak babatda özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny hem-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berilýän üns üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň