Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

23:0027.03.2019
0
14224

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleri kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary bar bolan köpýyllyk tejribeleri we oňyn mümkinçilikleri nazara almak bilen, işjeň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň bu kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky hereket edýän hökümetara Ylalaşygy binýatlaýyn resminama bolup durýar. Şonuň esasynda taraplar degişli işleri alyp barýarlar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine hem-de sebit we halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň, pudaklaýyn meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini nazarlaýan gazhimiýa senagatynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, nebitgaz toplumyny öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün etmek ýaly ugurlardaky gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistanyň hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň uzakmöhletleýin esasda we anyk netijeleri nazarlaýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine taýýardygyny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň