Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe AFK-nyň kubogy ― 2019-yň duşuşygyna tomaşa etmek üçin Bişkege gider

20:1727.03.2019
0
6451

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe AFK-nyň kubogy ―2019-yň çäginde 3-nji aprelde “Dordoý” bilen “Altyn asyryň” arasynda geçiriljek duşuşyga tomaşa etmek üçin Bişkek şäherine gitmegi meýilleşdirýär. 51 ýaşly horwatiýaly hünärmen bu barada şu gün Aşgabatdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebiniň maslahatlar zalynda geçirilen tanyşlyk dabarasynda aýtdy.

― Men Aşgabatda eýýäm birnäçe oýunçyny synlap başladym. Ýekşenbe güni bolsa Bişkege uçmagy meýilleşdirýärin. Bu ýerde “Altyn asyryň” AFK-nyň kubogynyň çäginde “Dordoý” bilen geçirjek duşuşygyna tomaşa etjek. Çünki, siziň hem bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylan futbolçylaryň aglabasy bu toparda çykyş edýär ― diýip, tälimçi maksadyny aýdyňlaşdyrdy.

Göz öňünde tutulýan duşuşyk 3-nji aprelde Bişkek şäherinde ýerleşýän Dolon Ömruzakow adyndaky stadionda geçiriler. AFK-nyň kubogy ― 2019-yň “D” toparçasynyň birinji tapgyrynyň beýleki bir duşuşygy bolsa Täjigistanyň “Istiklol” we “Hujand” toparlarynyň arasynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň