Soňky habarlar

Arhiw

“Ahal” Türkmenistanyň futbol çempionatyna ýeňiş bilen girişdi

18:2727.03.2019
0
3589

Birinji tapgyryň möhleti üýtgedilen duşuşygynda paýtagtymyzyň adybir toparyny kabul eden geçen ýylky wise-çempion “Ahal” Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsümine ýeňiş bilen girişdi. Aşgabatda geçirilen duşuşyk “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň toparynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Birinji ýarymy “sessiz” geçen duşuşygyň ikinji ýarymynda “Ahal” hüjümlerini güýçlendirdi. 48-nji minutda ýarym goragçy Merdan Gurbanow hüjümiň sag ganatyndan öňe getirilen pökgini “Altyn asyryň” ozalky goragçysy Serdar Annaorazowa geçirdi. Ol bolsa jerime meýdançasyndaky owadan hereketler bilen, “Aşgabadyň” derwezesine, takmynan 11 metr çemesi uzaklykdan, pökgini dürs gönükdirdi. Şeýlelikde, “Ahalyň” düzüminde ilkinji resmi duşuşygyny geçiren goragçy täze toparynyň çempionatyň täze möwsümindäki ilkinji pökgüsini öz adyna ýazdyrdy.

83-nji minutda “Ahal” hasaby ýene-de artdyrdy. Bu gezek Serdar Annaorazow eden assisti bilen öňe çykdy. Onuň geçiren pökgüsini dürs kabul eden hüjümçi Didar Durdyýew hasaby 2:0-a ýetirdi. Şeýlelikde, “Ahal” çempionatdaky ilkinji ýeňşini gazandy, “Aşgabat” bolsa bassyr iki duşuşykda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

“Ahalyň” düzüminde tejribeli ýarym goragçy Artur Geworkýanyň hem ilkinji resmi duşuşygyny geçirendigini nygtamak gerek. 12 ýyllap Özbegistanyň çempionatynda dürli toparlarda çykyş eden futbolçy meýdanyň merkezindäki dürs oýny bilen hüjümçilere pökgi geçirmekde uly orny eýeledi.

“Ahal” bilen “Aşgabadyň” arasyndaky duşuşyga Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe hem tomaşa etdi. Bu duşuşygyň geçirilen güni horwatiýaly 51 ýaşly hünärmen bilen resmi ýagdaýda şertnama baglaşyldy.

Dürli hasaplamalary söýýänler üçin duşuşygyň protokol maglumatlaryny ýerleşdirýäris:

27-nji mart. Aşgabat. “Aşgabat” stadiony, 600 tomaşaçy.

“Ahal” ― “Aşgabat” 2:0 (0:0)

Gollar: Serdar Annaorazow 48, Didar Durdyýew 83.

Sary kart görkezilen we oýundan çykarylan futbolçy ýok.

Emin: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat).

Kömekçileri: Myrat Nurberdiýew, Eziz Ýazmyradow (ikisi hem ― Aşgabat).

Ätiýaçlykdaky emin: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat).

Duşuşygyň gözegçisi: Mels Işmuhammedow (Aşgabat).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň