Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5826.03.2019
0
4666

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýerlerde oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Iş maslahatynyň barşynda welaýat häkimleri gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, ýetip gelýän şanly seneler mynasybetli guralmagy göz öňünde tutulýan köpçülikleýin çäreler, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny möwsüme taýýarlamak boýunça guramaçylyk çäreleri, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze şäherçeleri döretmek, döwrebap ýaşaýyş-durmuş gurşawyny hem-de ekologiýa taýdan arassa ugurly önümçilikleri döretmek barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlarda möhüm çäre bolan gowaça ekişini bellenen möhletde, ýokary hilli we guramaçylykly geçirmegi, doly bahaly gögeriş alnandan soň, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri hem talabalaýyk guramagy tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň möwsüme häzirden gowy taýýarlanmagyny berk gözegçilikde saklamak, şeýle hem Bütindünýä saglyk gününe we Türkmen bedewiniň milli baýramyna guramaçylykly taýýarlyk görmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň