Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Altyn asyr” futbol topary AFK-nyň täzelenen klublar reýtinginde ilkinji 50-lige girmegi başardy. Geçen möwsümde bassyr bäşinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolup, AFK-nyň kubogynda finala çenli baryp ýeten topar geçen ýylky sanawdan 14 basgançak ýokary galdy.
Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň klublar sanawy ýylda bir gezek täzelenýär. Täze sanawda 50-nji orny eýeleýän “Altyn asyra” 23 utuk berlipdir. Şeýle hem sanawda “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary 97-nji (8 utuk), Balkanabadyň “Nebitçisi” 136-njy orunda (3 utuk).
“Altyn asyryň” AFK-nyň kubogy ― 2019-daky garşydaşlaryndan “Istiklol” (Täjigistan) 25 utuk bilen 46-njy, “Hujand” (Täjigistan) 6 utuk bilen 111-nji, “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) bolsa 5 utuk bilen 123-nji orny eýeleýär.
162 klubyň goşulan sanawynda ilkinji bäşlikde Hytaýyň “Şanhaý SIPG” (99 utuk), Kataryň “Al Duhail” (90 utuk), BAE-niň “Al Aýn” (86 utuk), Koreýa Respublikasynyň “Jeonbuk Hyundai Motors” (78 utuk) we Saud Arabystanynyň “Al Hilal” (76 utuk) toparlary bar. Merkezi Aziýa döwletlerinden iň gowy netijäni görkezen Eýranyň “Persepolis” topary 73 utuk bilen ýedinji orny eýeleýär. Legionerlerimizden Arslanmyrat Amanowyň “Lokomotiwi” 14-nji orunda.
Soňky habarlar
Arhiw
“Altyn asyr” Aziýanyň iň güýçli klublarynyň 50-liginde
17:1226.03.2019
0
1461
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň