71 bilen 17-niň duşuşygy ýa-da Özbegistanyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynda türkmen derbisi geçiriler

17:0326.03.2019
0
1307

Milli ýygyndylaryň duşuşyklary üçin berlen arakesmeden soňra, Özbegistanyň futbol çempionaty ikinji tapgyryň duşuşyklary bilen dowam eder. 30-njy martda Daşkendiň “Lokomotiwi” “Nawbahor” klubyny kabul eder. Mälim bolşy ýaly, bu klublaryň ikisinde-de Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň futbolçylary çykyş edýär. Duşuşyk “Lokomotiwiň” “71-ligi” Arslanmyrat Amanow bilen “Nawbahoryň” “17-ligi” Elman Tagaýewiň duşuşygy bolar.
Championat.asia saýtynyň ýazmagyna görä, öňdäki duşuşyk iki topara özara 31-nji duşuşygy bolar. Yzda galan oýunlarda “Lokomotiwiň” üstünligi aç-açan göze ilýär. 
Mälim bolşy ýaly, birinji tapgyrda “Lokomotiwiň” ýeňlendigine garamazda, Arslanmyrat Amanow duşuşykda tapawutlanmagy başarypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň