Lebabyň ýetginjekler ýygyndysy Türkmenistanyň çempionatynda wagtyndan ozal çempion boldy

17:0226.03.2019
0
1500

Türkmenistanyň Sport  we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagyndaky 2002-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça Milli bahar baýramyna bagyşlanyp geçirilýän bäsleşikde geçirilen dördünji tapgyrdan soň “Lebap” topary çempionlyk derejesini gazandy. Lebap welaýatynyň topary bu abraýa çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda mynasyp boldy.
Mary şäheriniň 10 müň adamlyk köpugurly sport toplumynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisiniň bir aýlawda kesgitlenýändigini ýatladýarys.
Alty toparyň gatnaşmagynda geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyry 26-njy martda geçirilýär.
Gatnaşýan toparlar:       
“Lebap” (Lebap welaýaty)
“Mary” (Mary welaýaty)
“Aşgabat” (Aşgabat şäheri)
“Daşoguz” (Daşoguz welaýaty)
“Ahal” (Ahal welaýaty)
“Balkan” (Balkan welaýaty)
4-nji tapgyryň netijeleri:
“Ahal” – “Mary” – 0:6
“Daşoguz” – “Aşgabat” – 2:2
“Balkan” – “Lebap” – 0:0
Ýaryş tertibi:
1. “Lebap” 4/10
2. “Daşoguz” 4/7
3. “Mary” 4/7
4. “Aşgabat” 4/5
5. “Balkan” 4/4
6. “Ahal” 4/0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň