Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol hem-de futzal ýygyndylarynyň baş tälimçileri bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler

16:4526.03.2019
0
7531

27-nji martda 15:00-da Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň konferensler-zalynda Türkmenistanyň futbol hem-de futzal boýunça milli ýygyndylaryna täze bellenen horwatiýaly tälimçiler bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.
Ýeri gelende aýtsak, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe futbol boýunça milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, onuň ildeşi Sandro Tomiç bolsa derwezeçileriň tälimçisi wezipelerine belleniler. Ýene-de bir horwatiýaly tälimçi Robert Grdowiç bolsa Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine belleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň