Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynyň hususy ýyladyşhana hojalyklary önümleriň eksportuny artdyrýarlar

16:3526.03.2019
0
5118

“Zemin açary” hususy kärhanasynyň ýyladyşhanasynyň işgärleri Daşoguz welaýatynda önümiň eksportuny ýola goýan şahsy düzümleriň ilkinjileriniň biridir. Ekologiýa taýdan arassa witaminlik önümiň ilkinji tapgyry Russiýa we Gyrgyzystana ugradyldy. Daşary ýurtly alyjylar 100 tonna ýokary hilli pomidor aldylar.

Döwlet tarapyndan Akdepe etrabynda uzak möhletleýin eýeçilige berlen üç gektar ýerde ýyladyşhana guruldy. Ýyladyşhana toplumynyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy sypatlary bolan we uzak möheltleýin ulanylýan ýörüte örtük ulanyldy. Onda ýylylyk we yşyk kadalaryny, topraga yzgar bermegi we ýokumly maddalar bilen iýmitlendirmegi kompýuter programamsy üpjün edýär. Möwsümde 680 tonna çenli önüm öndüriler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň demirgazygynda döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde hususy telekeçiler daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak we eksporta gönükdirmek maksatnamalaryny durmuşa geçirmek jähtinden oba hojalyk önümçiligi pudagyny işjeň özleşdirýärler. Şu ýyl şeýle hem S.A. Nyýazow adyndaky etrapda ýyladyşhana hojalygyny guran “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasy Russiýa miwe-gök ekin önümleriniň ilkinji tapgyrlaryny ugratdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň