Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler futbol ýygyndysy “Manawgatspory” ýeňdi

12:0526.03.2019
0
5405

Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirýän ýetginjekler (U16) ýygyndymyz nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.
Tofik Şukurowyň tälim berýän ýetginjekler ýygyndysy ýerli “Manawgat sport” toparynyň ýaşlar düzümi bilen 1:1 hasabynda deňme deň oýnady. Bu duşuşykda toparymyzdan Ýunus Mämmedow tapawutlandy.
Ýeri gelende aýtsak, ýaşlar hem-de ýetginjekler ýygyndylarymyz Türkiýäniň Antalýa şäherindе okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny 20-30-njy mart aralygynda geçirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň