Türkmenistanyň Prezidenti iri şäheri döretmegiň taslamasy bilen tanyşdy

10:4326.03.2019
0
11114

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Tanyşlyga Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we şäher häkimliginiň hünärmenleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti şäher häkimligi hem-de Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan kottej jaýlaryň häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu babatda wise-premýer D.Amangeldiýewiň we Aşgabat şäher häkimi Ş.Durdylyýewiň işine nägilelik bildirdi.
Soňra döwlet Baştutany Çoganly ýaşaýyş toplumyny mundan beýläk-de gurmagyň taslamalarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdy, olary Aşgabat şäher häkimligi, ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary taýýarladylar.
Bu ýerde görkezilýän taslamalar barada döwlet Baştutanymyza Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew giňişleýin hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti taslamalaryň bäş görnüşiniň her biri bilen içgin tanyşdy. Her bir taslamanyň konsepsiýasynda häkimligiň we beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesini we çagalar baglaryny, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, çagalar döredijilik merkeziniň binalaryny gurmak teklip edilýär.
Ýaşaýyş-durmuş düzüminiň desgalarynyň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýleri, söwda-dynç alyş merkezleri, sport mekdebi, stadion we sport toplumy, köp gatly awtoduralgalar bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalarynyň binalary gurlar.
Taslamalaryň birinji görnüşinde Aşgabat — Daşoguz ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň iki tarapyndan ýaýbaňlanjak şäherçäniň meýdany 620 gektara deň bolar. Toplumda 15 — 30 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 130-sy ýerleşdiriler. 16 müň 696 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynda ýokary durmuş ülňüleri üpjün edilip, olarda döwrebap ýaşaýyş we amatly dynç alyş üçin aňrybaş şertler dörediler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenilen taslamalar boýunça ikinji teklibi hem Aşgabat şäher häkimligi taýýarlady. Baş meýilnama gadymy döwürlerden bäri amaly-haşam sungaty gymmatlyklarynyň bezeginde peýdalanylýan däp bolan milli nagyşlaryň biriniň görnüşinde ýerine ýetirilipdir. 663 gektar meýdanda köp sanly durmuş maksatly desgalar — 134 sany köp gatly ýaşaýyş jaýy ýerleşdiriler, olar 18 müň 568 maşgala niýetlenendir. Şäherçäniň ilatynyň sany, takmynan, 112 müň adama deň bolar.
Ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň taýýarlan üçünji teklibinde Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolundan gündogar tarapda ýaýbaňlanjak gurluşyklaryň umumy meýdany 720 gektara barabar bolar. Onda beýleki häzirki zaman binalary bilen bir hatarda, 16 müň 884 maşgala niýetlenen ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 177-sini gurmak göz öňünde tutuldy. Olar 12, 15, 18, 22, 26, 30, 32, 34 we 35 gatly jaýlardyr. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we syn ediş diňiniň gurluşygy bu taslamanyň aýratynlygydyr. Şeýle hem taslamanyň bu görnüşinde şäher ýollarynyň, seýilgähleriň hem-de çüwdürimleriň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berler.
Täze şäherçäniň dördünji taslamasy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dürli düzüm görnüşlerinde hödürlenildi. Mysal üçin, «A» we «B» görnüşlerine laýyklykda, täze binalaryň umumy meýdany 520 gektara deň bolar, bu ýerde 15 gatdan 35-e çenli gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 102-sini gurmak meýilleşdirilýär, olar 8 müň 566 maşgala niýetlenendir. Şäherçäniň ilatynyň sany 51 müň adamdan geçýär.
Taslamanyň «Ç» görnüşi göl şekilinde ýerine ýetirilip, has giň möçberlidir. Şäherçäni 920 gektar meýdanda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar, bu ýerde 15 müň 384 maşgala niýetlenen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 168-si bina ediler hem-de ýokarda görkezilen köp sanly edara ediş we durmuş maksatly desgalar gurlar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň taýýarlan taslamalary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz ähli desgalaryň göwnejaý ýerleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde şäher giňişliginiň durmuş gurşawyny guramagyň aňrybaş derejesiniň üpjün edilmeginiň baş ýörelge bolup durýandygyny belledi.
Milli Liderimiz bu giň gerimli täze gurluşyklaryň taslamasyny taýýarlamak üçin ýurdumyzyň binagärleriniň, gurluşykçylarynyň, telekeçileriniň we talyp ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşiginiň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi. Bu bäsleşige diňe bir ussat binagärler däl-de, zehinli talyp ýaşlar hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijisi baýraga mynasyp bolar, onuň işläp taýýarlan taslamasy bolsa täze şäherçäniň esasyny düzer. 
Tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutany bu ýere gelen talyplaryň hem pikirini diňledi.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenilen taslamalara garamagyň we ara alyp maslahatlaşmagyň jemlerini jemläp, degişli ýolbaşçylara täze şäherçäniň ulag kommunikasiýalary babatynda anyk tabşyryklary berdi hem-de onuň çäkleri boýunça şäherara awtoulag ýollarynyň geçmeli däldigine aýratyn ünsi çekdi.
Milli Liderimiz şäher gurluşygynyň ähli ugurlaryna hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini ýene bir gezek nygtap, şunda ýaşlara aýratyn umyt baglanylýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň