Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti drift boýunça ussatlygyny görkezdi

00:0026.03.2019
0
4911

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentimiz Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy. Döwlet Baştutany bu ýere täze sport ulagynda geldi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulagyny drift boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin sowgat berýändigini aýtdy, onuň üçin ýakynda IIM-niň Sport ulag merkeziniň düzüminiň üstüni ýetiren ýörite meýdança gurnaldy. Döwlet Baştutanymyz awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere ussatlyklaryny artdyrmak ugrunda uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de olaryň ýurdumyzyň dünýä ýüzünde sport abraýyny has-da belende galdyryp biljekdiklerine ynam bildirdi.
Sport ulag merkeziniň wekili bu ajaýyp sowgat üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu toplumda türkmen awtomobil sportunyň halkara abraýyny belende galdyrmaga gönükdirilip, alnyp barylýan yzygiderli türgenleşik işleri barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri I.Mulikow täze açylan drift meýdançasyna ak pata bermegini we meýdançada awtomobil ýaryşynyň özüne çekiji görnüşi bilen meşgullanmaga başlamak üçin badalga bermegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur bolan tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirip, sport awtoulagynda badalga nokadyna çykdy. Soňra ýaryş awtoulagy milli Liderimiziň dolandyrmagynda ýerinden gozganyp, dessine tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy.
Bu gezek hem döwlet Baştutanymyz mümkin bolan iň ýokary tizlikde meýdançanyň ýollaryny geçip, driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlyk sapagyny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz drift meýdançasynda ajaýyp ussatlygyny we uly tejribesini ýene-de bir gezek görkezip, sürüşini tamamlamak bilen, bu ýere ýygnananlaryň ählisine üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
* * *
Soňra ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň işgärleri we türgenleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgat beren ýaryş awtoulagyna halkymyzyň asylly däbine eýerip, un sepdiler, ulagyň ýanynda şowlulygyň ýar bolmagynyň nyşany hökmünde ýüzärlik tütetdiler we tizlikli ýaryşlara gatnaşjak türgenlerimize owadan we ajaýyp ýeňişleri arzuw etmegiň alamaty hökmünde ulagyň ruluna alaja daňdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň