Arhiw

Türkmenistanly erkin göreşçiler Aziýa çempionatynda altynjy orny eýelediler

17:2625.03.2019
0
10099

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýaşlar ýygyndysy 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda toparlaýyn altynjy orny eýeledi. Yklym ýaryşy Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçirildi. 22-24-nji mart aralygynda geçirilen ýaryşda erkin göreşçiler medallaryň 10 toplumy ugrunda ýaryşdylar.

Yklym ýaryşyna ýurdumyzdan 6 türgen gatnaşdy we olar 3 medal gazandy. Biziň türgenlerimiziň gazanan medallarynyň 2-si kümüş, biri bürünçdir. Şeýlelikde, Ramazan Irbaýhanowyň ýolbaşçylygynda ýaryşan ýaşlar ýygyndymyz jemi 75 utuk bilen toparlaýyn altynjy orny eýeledi. Ýeri gelende aýtsak, yklym ýaryşynda iň kän utugy eýranly türgenler eýeledi. Olar Aziýa çempionatynda jemi 200 utuk gazandylar. Ikinji orundaky ýer eýeleri 177, üçünji orundaky gazak türgenleri bolsa 147 utuk bilen Aziýa çempionatyny tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň