Türkmenistanyň topary NTW ýaýlymyndaky "Breýn ring" taslamasynda ýaryşdy

13:4525.03.2019
0
12303

24-nji martda Russiýanyň NTW teleýaýlymynda "Breýn ring" teletaslamasy geçirildi. Ýaýlymyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan taslama Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşdy.

Biziň ýurdumyza wekilçilik eden topar aýgytlaýjy bäsleşikde Murmanskiý oblastynyň toparynyň garşysyna çykdy. Taslamanyň şertine görä, her sowalyň jogaby üçin pikirlenmäge 20 sekunt wagt berildi. Aýgytlaýjy bäsleşik garşydaş toparyň ýeňşi bilen tamamlanan hem bolsa, Türkmenistanyň ýygyndysynyň tapgyrlaryň birini ýeňiş bilen tamamlandygyny aýratyn aýtmak gerek. Has takygy, biziň ýurdumyza wekilçilik eden topar birinji bäsleşikde Ermenistanyň wekiliýetinden üstün çykdy.

Teletaslamada Türkmenistana Hemra Atabaýew (kapitan), Konstantin Gluşenkow, Roman Magomedow, Natalýa Martirosýan, Wladimir Mkrtumow, Döwran Halow we Döwlet Rejebow dagylar wekilçilik etdiler.

Taslamada 12 döwletden 32 topar ýaryşdy. Has takygy, taslama Russiýadan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Ysraýyldan, Gazagystandan, Latwiýadan, Litwadan, Moldowadan, Türkmenistandan, Özbegistandan hem-de Estoniýadan toparlar gatnaşdy.

"NTW-niň 25 ýyllygyna Breýn ring boýunça kubok" taslamasy jemi 15 bäsleşikden ybarat boldy. Toparlaryň her birini alty oýunçy emele getirdi. Her bir bäsleşik iki toparyň arasynda geçirildi. Toparlar gyzyl we ýaşyl reňkli oturgyçlar boýunça tapawutlandyryldy. Bäsleşiklerde ilkinji bolup 5 utuk ýygnap bilen topar ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, taslamanyň ahyrynda iň gowy topar NTW-niň kubogyna mynasyp boldy.

"Breýn ring", aslynda, Andreý Kozlowyň alyp barmagynda Russiýanyň merkezi teleýaýlymlarynda 1990 - 2000-nji ýyllaryň aralygynda ýaýlymda görkezilen taslamadyr. Ol şol ýyllarda rus ýaýlymlaryndaky iň gowy gepleşikleriň onlygyna girmegi yzygiderli başaryp geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň