"Şawat" süýt önümleriniň 20-den gowrak görnüşini öndürýär

10:2424.03.2019
0
2604

Daşoguz şäherindäki «Ýüpek ýoly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti indi birnäçe ýyl bäri hereket edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada 50-ä golaý işçiniň zähmet çekmegi netijesinde, süýt önümleriniň birnäçe görnüşi halk köpçüligine ýetirilýär. Kärhana «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda süýdüň ýaglylyk derejesi boýunça 10, aýranyň 4, gaýmagyň 3, ýagyň we peýniriň iki görnüşiniň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. «Şawat» häzirki wagtda süýt önümleriniň jemi 20-den gowrak görnüşini öndürýär. Bu ýerde tejribeli hünärmenler her günde 15 tonna süýdi gaýtadan işleýärler. Kärhanada her ýyl müňlerçe tonna süýt gaýtadan işlenilip, olardan taýýarlanýan önümler welaýatyň hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky söwda nokatlarynyň hem tekjelerini bezeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň