Lebaply telekeçi künji ýagynyň önümçiligini artdyrýar

10:2124.03.2019
0
4678

Ýurdumyzyň «Gündogar derwezesi» bolan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Göwher Jumaýewa ýurdumyz boýunça ilkinjileriň biri bolup künji ýagynyň önümçiligine başlan telekeçileriň biridir. Durmuşa geçirilýän işlerden ruhlanýan telekeçiniň önümçilik toparynyň öndürýän künji ýagy diňe bir Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna ýetirilmän, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky we paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki dükanlarda-da isleg bildirýän müşderilere ýetirilýär. Ýag öndürmek üçin gerek bolan künji kömekçi hojalykda ösdürilip ýetişdirilýär. Geçen ýyl künji ekilen ýerden 11 tonna golaý hasyl ýygnaldy. Künjiniň düzüminde 50 — 60 göterim ýag, 21 göterimden gowrak belok, 9,14 — 19,3 göterim uglewodlar, 3 göterim kletçatka we 6,5 göterim suw saklanýar. Künji ýagy süýjümtik bolup, açyk sary reňkli suwuklyk görnüşindedir. Ol, esasan, aşgazan, garyn-içege, bagyr keselli adamlar üçin peýdalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň