Soňky habarlar

Arhiw

"Ak gar" her gün 3 tonnadan gowrak Gündogar süýjülerini öndürýär

10:1924.03.2019
0
2794

Telekeçi Atajan Jumanyýazowyň Ak bugdaý etrabynyň Senagat zolagynda ýerleşýän hususy kärhanasynda köp ýyllardan bäri saçaklarymyzyň bezegi bolan «Ak gar» söwda belgisi bilen Gündogar süýjüleriniň 70-den gowrak görnüşi öndürilýär. Umumy meýdany 2 gektara barabar bolan, Türkiýe Respublikasynyň önüm öndürmekdäki kuwwatly enjamlary ornaşdyrylan bu kärhanada 45 hünärmen zähmet çekip, bir günüň hasaby boýunça 3 tonnadan gowrak Gündogar süýjüleri öndürilýär. Çig mal serişdeleriniň 50 göterimi Germaniýa, Sloweniýa, Belarus ýaly döwletlerden getirilýän bolsa, galan 50 göterimi üçin ýerli serişdeler peýdalanylýar. Kärhana 2019-njy — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda täze «Nowruz», «Altyn açar» ýaly huruşly, ýumşak Gündogar süýjülerini alyjylaryň giň köpçüligine hödürledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň