"Ýedi gaýa" hususy kärhanasy keramika önümleriniň görnüşlerini artdyrýar

10:1624.03.2019
0
1746

Dürli görnüşdäki bezeg işleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ýaşaýyş jaýlaryny, iş otaglaryny, synp otaglaryny, daş-töweregi bezemek diýlende, ilki bilen owadan zatlar, gözellik göz öňüňe gelýär. 
Ýurdumyzyň «Gündogar derwezesi» bolan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Ýedi gaýa» hususy kärhanasynyň hünärmenleri indi birnäçe ýyl bäri keramikadan, laýdan taýýarlanýan dürli görnüşdäki bezeg işleri bilen halk köpçüligine hyzmat edip gelýär. Keramikadan ýasalan dürli şekildäki heýkeller, milli nagyşlarymyz bilen bezelen ululy-kiçili küýzeler, güldanlar, sebetler, gap-gaçlar owadanlygy hem ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýarlar. Telekeçiler buýurmalar esasynda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň howlularynda, oýun meýdançalarynda bezeg işlerini alyp barýarlar. «Ýedi gaýada» zähmet çekýän işine ezber hünärmenler müşderileriň islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, olaryň göwün küýsän keramika bezeglerini taýýarlap berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň