Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin foruma gatnaşdy

00:1924.03.2019
0
3147

21-22-nji martda Ženewanyň halkara maslahatlar merkezinde Durnukly ösüş boýunça Sebitleýin forum öz işine başlady, oňa ÝYK sebitiniň ýurtlaryndan ýokary derejedäki wekiliýetler gatnaşdylar.

Türkmenistandan foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Albaniýanyň Saglygy goraýyş we sosial goragy ministri hanym O.Manastirlýunyň başlyklyk etmeginde geçirilen açylyş dabarasyna BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Amina Mohammed, BMG-niň ÝYK-niň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym O.Algaerowa, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda durnukly ösüş meseleleri boýunça BMG-niň Sebitleýin toparynyň başlygy, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym M.Spolýariç Egger dagylar gatnaşdylar.

Ýokary derejeli bölümi adamlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň hem-de ÝYK-sy sebitinde ählumumy gurşawyň we deňligiň üpjün edilmeginiň meselelerine bagyşlanyldy. Meýletin milli synlar (MMS) bilen bagly bolan meselelere aýratyn üns berildi.

Bu ugurda Türkmenistanyň wekiliýeti özüniň bu ugurdaky, has takygy DÖM-niň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi we gazanylmagy, durmuşa ornaşdyrylmagy jemgyýetiň ösüşiniň utgaşdyryjy şerti bolup durýan maksatlaryň utgaşdyrylmagynyň we monitoringiniň milli guralynyň döredilmegi bilen bagly bolan tejribesi bilen paýlaşdy. Geçen ýyllarda özleriniň meýletin milli synlaryny beren sebitiň ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri MMS-ny taýýarlamagyň barşynda milli tejribeleriniň derejesinde interaktiw ara alyp maslahatlaşmalary geçirdiler we olar barada pikir alyşdylar.    

Bu synlaryň DÖM-niň durmuşa geçirilmegine itergi berip berjek milli jogapkärçilige, gyzyklanma bildirýän taraplaryň çekilmegine we ýurtda DÖM hakynda habarlylygyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berildi. Bu ugurda Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda DÖM boýunça Merkeziň döredilmegi; öz gezeginde ýaşlaryň arasynda habardarlylygyň has-da ýokarlanmagyna itergi berjek jemleri boýunça her bir ugur boýunça ilçileriň saýlanylyp alnan DÖM boýunça ýaş ilçileriň bäsleşigi bilen bagly tejribesini aýratyn belläp geçdi. 

Ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde oňa gatnaşyjylar meýletin synlaryň taýýarlanylmagy we tanyşdyrylmagy boýunça alnan umumy dersleri, şeýle hem olary öňe ilerletmegiň mümkinçilikleriň ýollary boýunça pikirleri alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň