Türkmen türgenleri Ýöriteleşdirilen Tomusky Olimpiadada 7 medal gazandylar

22:4323.03.2019
0
3953

Surat: https://www.abudhabi2019.org 

Türkmenistanyň ýygyndy topary Abu-Dabi şäherinde tamamlanan Bütindünýä Tomusky Ýöriteleşdirilen Olimpiýa oýunlarynda ýedi medal gazandy. Bu barada Ýöriteleşdirilen Olimpiada - 2019-yň resmi saýtynda habar berilýär.

Halkara Oýunlar BAE-niň paýtagtynda 14 - 21-nji mart aralygynda geçirildi. Special OLimpics International ynsanperwer hereketiniň hemaýatkärliginde geçirilen Oýunlara Türkmenistandan 15 türgen gatnaşdy. Olar sportuň 6 görnüşi - tennis, çeper gimnastika, badminton, ýeňil atletika, stoluň üstünde oýnalýan tennis we suwda ýüzmek boýunça ýaryşdylar. Biziň türgenlerimiz Ýöriteleşdirilen Olimpiadada 3 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medal gazandy.

Türkmen türgenleri bu Oýunlara 1991-nji ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Olar her gezek hem Watanymyza medallar bilen dolanmagy başarýarlar.

Indiki Tomusky Oýunlar 2023-nji ýylda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçiriler. Gyşky Oýunlar bolsa 2021-nji ýylyň 2 - 13-nji fewraly aralygynda Şwesiýada geçiriler. Ýöriteleşdirilen Olimpiada Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň