Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

22:2423.03.2019
0
3732

Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda wajyp oba hojalyk mцwsümi hasaplanylýan kцpçülikleýin gowaça ekmek işine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde kesgitlän mцhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda gowaça ekişine girişdiler. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu mцwsüme biraz gijiräk — 27-nji martda başlarlar.

Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanyldy. Şunlukda, 1 million 50 müň tonna “ak altyn” ýygnamak bellenildi. Şol sanda Ahal welaýatynda 207 müň tonna, Balkan welaýatynda 5 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonna, Lebap welaýatynda 295 müň tonna, Mary welaýatynda bolsa 313 müň tonna pagta hasyly ýygnalar.

Mundan başga-da, 25 müň 567 gektar meýdana oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan oba hojalyk önümlerini öndüriji hususyýetçiler gowaça eker.

Gowaça ekişine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda giňden ekilýän orta süýümli gowaça tohumlary taýýarlanyldy. Şolaryň hatarynda tiz ýetişýändigi, ýokary hasyllylygy hem-de süýüminiň uzynlygy we arassalygy bilen tapawutlanýan «Ýolöten — 7», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 144», «Serdar», «C — 4727», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «C — 2606» ýaly görnüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, gowaçanyň «Ýolöten — 14» görnüşli inçe süýümli sorty Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 500-e golaýy, ekiji agregatlaryň 2 müňe golaýy, kultiwatorlaryň, boronalaryň we ekişi bökdençsiz üpjün etmek üçin zerur oba hojalyk gurallarynyň 4 müň 500-den gowragy peýdalanylar. Şeýle hem degişli agrotehniki çäreler amala aşyrylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan işi gije-gündizleýin esasda alyp barmak üçin tehnikalara hyzmat gullugy, mehanizatorlaryň, ekişe gatnaşýan beýleki hünärmenleriň netijeli işi we dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredildi.

Täze oba hojalyk möwsümine etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 375-si taýýarlanylýar. Olar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we bähbitli bioönümler bilen üpjün eder.

Ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Myratberdi Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Jumaguly Hekimow adyndaky daýhan birleşiginde, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginde obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösüşiniň hem-de düşewüntliliginiň üpjün edilmegine, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň durnukly ösüşine gönükdirilen we oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajyp wezipelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň