Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça yklym ýaryşynda iki medal gazandylar

19:3423.03.2019
0
19653

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýaşlar ýygyndysy Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batirda geçirilýän 23 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar. Olaryň biri kümüş, biri bürünç medallardyr.

Ýaşlar ýygyndymyzyň kümüş medalyny 92 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Azat Gajyýew gazandy. Deslapky tutluşyklaryň ählisini üstünlikli geçiren ildeşimiz altyn medal ugrundaky göreşde eýranly türgenden asgyn geldi.

Ýaşlar ýygyndymyzyň bürünç medalyny bolsa 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Perman Hommadow gazandy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen erkin göreşçileri bu halkara ýaryşa russiýaly tälimçi, Olimpiýa çempiony Ramazan Irbaýhanowyň ýolbaşçylygynda gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň