Türkmenistanda bag ekmek möwsümi başlandy

14:1623.03.2019
0
2192

Türkmenistanda täze bag ekmek möwsümi başlandy. 21-nji martda bellenilýän Halkara Nowruz gününde tutuş ýurdumyz ýowaryna çykdy. Ol diňe bir ildeşlerimiziň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygy bolman, eýsem, türkmen hakynyň milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ruhubelentliginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi Köpetdagyň etegindäki Nowruz ýaýlasyndaky meýdançada bag nahalyny oturtmaga gatnaşyp, giň möçberli bag ekmek maksatnamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden hem-de Ak bugdaý etraplarynyň aralygynda agaç nahallarynyň 1,5 million düýbi we sebitlerde hem saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzümiň şonça möçberi ekiler. Tutuş ýurdumyz boýunça şu bag ekmek çäresiniň barşynda miweli agaçlaryň hem-de üzümiň 600 müň düýbüni, tut agaçlarynyň hem 300 müň düýbüni oturtmak meýilleşdirilýär. Bu işleri guramak ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi.

Ozal bellenilişi ýaly, ekologiýa çäresi Milli bahar baýramynyň hormatyna geçirilen dabaralaryň möhüm bölegine öwrüldi. Bu çäräni geçirmek üçin Ahalyň dag etegindäki jülgesindäki Nowruz ýaýlasynyň ajaýyp künjegi seçilip alyndy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaşajyk tut nahalyny oturtmak bilen, köpçülikleýin bag ekmek işiniň täze tapgyryna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyna ýygnananlaryň ählisi agzybirlik bilen goşuldylar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň hem-de Türkmenistanda işleýän diplomatik düzümiň wekilleri türkmen topragynyň baýlygyny artdyrýan çärä işjeň gatnaşdylar.

Ýeri gelende aýtsak, öňki ýyllarda Nowruz ýaýlasynda eýýäm tut we miweli agaçlaryň müňlerçe düýbi oturdyldy. Şu ýowaryň barşynda 12 gektar meýdana bag nahallary ekildi. Şeýlelikde, ýakyn geljekde bu ýerde ajaýyp tokaý zolaklary hem-de miweli baglar peýda bolar.

Şeýlelikde, Aşgabatda şu gezekki ýowaryň barşynda saýaly we pürli agaç nahallarynyň 53 müň düýbi oturdyldy, şol sanda Berkararlyk etrabyndaky Sport kölüniň töwereginde, Garaşsyzlyk şaýoly bilen Oguzhan köçesiniň çatrygynyň günorta-günbatar tarapynda, Köpetdag etrabyndaky Serhowuzly seýilgähiň günorta böleginde ekildi. Bagtyýarlyk etrabynda bag nahallaryny oturtmak işi Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen «10 ýyl abadançylyk» köçesiniň çatrygynyň günbatar-demirgazyk tarapynda, Büzmeýin etrabynda Jemagat hojalygy institutynyň günbatar tarapynda, Senagat köçesiniň ugrunda amala aşyryldy.

Mundan başga-da, Garagum derýasynyň kenarlarynda, 782-nji we 818-nji kilometrleriň aralygyndaky meýdanda tut nahallarynyň 41 müň düýbi ekildi. Şol nahallar 82,5 gektar meýdany tutýar. Gurtly kölüniň töweregindäki 164 gektar meýdana bolsa topragy berkitmek üçin sazagyň 80 müňden gowrak düýbi oturdyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de Energetika ministrligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda, Ýanbaş-Gökdere zolagynda hem-de Garagum derýasynyň ugrunda giň möçberli bag ekmek işleri ýerine ýetirildi. Umumy meýdany 138,5 gektar meýdanda agaçlaryň, üzümiň we sazagyň 20 müňden gowrak düýbi oturdyldy.

Şol bahar gününde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tutanýerli zähmet çekildi. Raýatlarymyzyň müňlerçesi bag ekmek işine ruhubelentlik we uly höwes bilen goşuldy. Tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowarynyň barşynda agaç nahallarynyň 460 müňden gowragy oturdyldy. Agaç nahallaryny oturtmak işinden başga-da, bu çäräniň barşynda ozal ekilen nahallara ideg etmek işleri hem geçirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň