Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň U-19 ýaşlar ýygyndysy taryhda ilkinji gezek Malta bilen geçirilen duşuşykda ýeňildiler

23:5322.03.2019
0
7677

Türkmenistanyň 19 ýaşa çenli ýaşlar futbol ýygyndysy şu gün Türkiýäniň Antalýa şäherinde Maltanyň 21 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda 1:2 hasabynda asgyn geldi. Bu duşuşygyň netijesi barada Maltanyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşykda hasaby ilki bolup 27-nji minutda Maltanyň futbolçylary açdy. Eýdan Friggeriniň burçdan oýna girizen pökgüsine ilkinji bolup Zahari Brinkata ýetişdi we ol derwezäniň burçuna dürs urgy edip, hasaby açdy. Ikinji ýarymda türkmen futbolçylary hasaby deňlediler: türkiýeli eminiň Maltanyň derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyny Myratberdi Rahmanow dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi. Ýöne 56-njy minutda Eýdan Friggeri garşydaş topary hasapda ýene-de öňe çykardy.

Türkmen futbolçylarynyň Türkiýedäki türgenleşikleriň çägindäki ikinji ýoldaşlyk duşuşygy 24-nji martda Kosowonyň ýaşlar ýygyndysy bilen bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň