Arhiw

Robert Grdowiç: "Türkmenistanyň futzal ýygyndysy bilen üstünlik gazanyp biljekdigimize ynanýaryn"

23:1422.03.2019
0
6270

Surat: Zadarski.hr

Horwatiýaly hünärmen  Robert Grdowiç Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenensoň, Horwatiýanyň "Zadarski.hr" neşiri täze işi bilen bagly tälimçi bilen söhbetdeş boldy.

"Hawa, bu dogry. Men häzir Aşgabada ugraýaryn. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdyk. Bu iş meniň tejribäm üçin hem uly synag bolar. 2020-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanda futzal boýunça Aziýa çempionaty geçiriler. Yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş edip bilen toparlar ýene-de şol Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna-da gatnaşmaga hukuk gazanar. Men Türkmenistanyň ýygyndysy bilen gowy netijeleri gazanyp bileris diýip umyt edýärin. Men Youtube ýaýlymlary arkaly Türkmenistandaky futzalyň derejesi bilen tanyşdym. Ony has ýokary çekip bolar" diýip, horwat metbugatynda R.Grdowiçiň aýdanlary getirilýär.

Horwat futzalynyň ady rowaýata öwrülen wekili öz ýany bilen kömekçilerini, şol sanda derwezeçileri taýýarlaýan tälimçileri hem Aşgabada alyp geler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň