Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy saýlama tapgyrdaky birinji duşuşygyny geçirdi

22:5722.03.2019
0
5311

Şu gün Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy Aziýa çempionaty-2020-niň (U-23) saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi.

Gurbangeldi Durdyýewiň tälim berýänleriniň ilkinji garşydaşy “C” toparçanyň esasy dalaşgäri Eýranyň ýygyndysy boldy. Bu duşuşyk 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Türkmen toparynyň düzüminde Bagtyýar Gürgenow tapawutlanmagy başardy

“C” toparçanyň beýleki duşuşygynda Yragyň olimpiýa ýygyndysy ýemenli deň-duşlaryny 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Aziýa çempionatynyň (U-23) saýlama tapgyrynyň 22-26-njy mart aralygynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilýändigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň indiki garşydaşy Yragyň ýygyndysy bolar. Bu duşuşyk 24-nji martda geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, toparçada birinji orny eýelän ýygyndy 2020-nji ýylda Taýlandda geçiriljek Aziýa çempionatynyň (U23) final tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik alar. Saýlama tapgyrynyň çägindäki 6 toparçada iň gowy netije görkezen ikinji ornuň eýeleriniň dördüsi hem atlaryny Aziýa çempionatynyň final tapgyryna ýazdyrarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň