Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti CAFA-nyň maslahatyna gatnaşdy

22:1422.03.2019
0
4701

Surat: Championat.asia

Şu gün Bişkekde (Gyrgyz Respublikasy) Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) maslahaty geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Futbol federasiýasynyň gurnamagynda geçirilen maslahata Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Futbol federasiýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Maslahatda biziň ýurdumyza TFF-niň baş sekretary Arslan Aýnazarow we bölüm başlygy Maksat Seýitgulyýew wekilçilik etdi.

Maslahatyň dowamynda FIFA-nyň Geňeşiniň kandidatynyň çykyşy diňlenildi, şeýle hem CAFA-nyň baş sekretary Sanjar Rizaýew hasabat bilen çykyş etdi. AFK-nyň halkara gatnaşyklary departamentiniň ýolbaşçysy Wahid Kardani bolsa CAFA-nyň öňünde garaşýan ýaryşlar we  «FIFA Forward 2.0» maksatnamasy boýunça çykyş etdi.

CAFA-nyň indiki maslahaty 24-nji aprelde Duşenbede (Täjigistan) geçiriler. Oňa çenli AFK-nyň Preizdentiniň saýlawlary hem geçiriler. CAFA-nyň agzalary öz seslerini biragyzdan häzirki prezident Şeýh Salman bin Ibragim Al Halifa bermegi meýilleşdirýärler. AFK-nyň prezidentiniň saýlawlary 6-njy aprelde geçiriler.

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy AFK-nyň başlangyjy bilen döredildi. Ol sebitde futboly mundan beýläk hem ösdürmegi maksat edinýär. Bu gurama Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Futbol federasiýalaryny özüne birikdirýär diýip, "sport.kg" saýty habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň