Arhiw

"Altyn täç" çagalar futbol topary Türkiýedäki halkara ýaryşa gatnaşýar

21:0222.03.2019
0
14848

Surat: https://www.instagram.com/fc_altyntach

Aşgabadyň "Altyn täç" çagalar futbol topary 22 - 29-njy mart aralygynda Türkiýäniň Alanýa şäherinde geçirilýän "Turkish Holidays 2019" halkara futbol ýaryşyna gatnaşýar.

Bu halkara ýaryşda ýaşajyk türkmen futbolçylary öz deň-duşlary (8 - 17 ýaş aralygyndaky çagalar) bilen güýç synanyşarlar. Bu çagalar toparyny "Ahal", "Hazyna", "Aşgabat" ýaly Ýokary liganyň  toparlarynda tejribetoplan tälimçi Ahmet Agamyradow türgenleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň