Soňky habarlar

Arhiw

Artur Geworkýan Özbegistandan dolandy we "Ahal" bilen şertnama baglaşdy

20:4622.03.2019
0
14853

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 34 ýaşly ýarym goragçysy Artur Geworkýan erkin agent hökmünde "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň "Ahal" futbol toparynyň düzümine goşuldy. Ol indi bu möwsümi milli birinjilikde geçirer.

"Geworkýan bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdyk. Ol möwsümiň ahyryna çenli biziň bilen bolar" diýip, "Ahalyň" ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekow Turkmenportala habar berdi.

Tejribeli ýaym goragçy karýerasynyň soňky 12 ýylyny Özbegistanyň çempionatynda geçirip, özbek janköýerleriniň arasynda "Karol Artur" lakamyny gazanypdy. Ol ýurdumyzyň çempionatynda iňsoňky gezek 2007-nji ýylda "Aşgabadyň" düzüminde çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň