Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirildi

04:1322.03.2019
0
5195

Şu gün Türkmenistan Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli dabaralar, däp bolşy ýaly, Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Giň möçberli bag ekmek çäresi — mähriban topraga hormat-sarpanyň nyşanyna öwrülen baýramçylyk şu gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirildi. Ýowara dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet hem-de hususy kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky çagyryşyna agzybirlik bilen jogap berdiler.

Tutuş ýurdumyz boýunça şu gün ählihalk ýowarynyň barşynda agaç nahallarynyň 460 müňden gowragy oturdyldy. Agaç nahallaryny oturtmak çäresinden başga-da, öňden bar bolan agaçlara ideg etmek işleri ýerine ýetirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň