"Türkmenhowaýollary" agentligi täze halkara gatnawlary açmagy meýilleşdiýär

09:4521.03.2019
0
7201

20-nji martda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow döwlet Baştutanyna ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, garamagyndaky düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak hem-de ýerli gatnawlaryň çäklerini giňeltmek barada milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, täze howa menzillerini gurmak hem-de bar bolan howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär.

Agentligiň ýolbaşçysy «Türkmenhowaýollarynyň» tehniki toplumynyň üstüniň täze döwrebap uçarlar bilen yzygiderli ýetirilýändigini belläp, munuň howa gatnawlary, halkara howa ýollary boýunça täze, halkara gatnawlary açmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýa iş saparyna taýýarlyk görülýär, onuň barşynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen howa gatnawlaryny ýola goýmak hakynda gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda baý tejribesi we uly gazananlary bolan AÝU sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy konsepsiýasynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygynda geçirilýän milli ykdysadyýetimizi hem-de beýleki ugurlary sanlaşdyrmak baradaky ugruň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, bu döwletara gatnaşyklaryň taryhynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden, Beýik Ýüpek ýoly döwründen gözbaş alýandygyny belledi. Häzir bu gatnaşyklar ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşýan köpýyllyk dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mäkäm binýadynda guralýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu sebit ykdysady, ylmy-tehniki we senagat taýdan sazlaşykly ösýär diýip, milli Liderimiz möhüm hyzmatdaşlaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasyny, Ýaponiýany, Koreýa Respublikasyny görkezdi.

Bu döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady, ulag, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge tarap alan ugruny amala aşyrmagyň çäklerinde Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, olaryň işewür we maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iri taslamalara çykmak üçin uly mümkinçilikler açylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Agentligiň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasynda göni awia gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri boýunça gepleşikler geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ygtyýarlygynda uzak aralyga uçuşlary amala aşyrýan uçarlar bar. Olaryň ulanylmagy Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen döwletara ykdysady gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň