Maý aýynda Awazada Halkara gaz kongresi geçiriler

09:2121.03.2019
0
4128

20-nji martda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 21 — 22-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň X halkara Gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabatyny diňledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ähli guramaçylyk meselelerini öz wagtynda çözmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, däbe öwrülen bu ýöriteleşdirilen forumyň ýangyç-energetika toplumynda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Bu ulgamda ýurdumyz pudaklaýyn düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly arkaly çykarmak, gaýtadan işleýän, şol sanda gazhimiýa senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça strategiýany amala aşyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, öňdebaryjy tejribäni alyşmak, dünýäniň esasy maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin netijeli çärä öwrüljek X halkara Gaz kongresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň