Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda täze ýyladyşhanalar we süýji-köke kärhanasy açyldy

02:1621.03.2019
0
10224

Şu gün bu ýerde ýyladyşhana hem-de süýji-köke önümlerini öndürýän kärhana açylyp, ulanmaga berildi. Mary şäherindäki döwrebap ýyladyşhana «Nahal» hem-de «Kerwen gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan 6 gektar meýdanda guruldy we ýylda 1 müň 200 tonna gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenendir.

Iň täze ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhananyň giň meýdanynda pomidoryň ýokary hasylly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde howanyň ýagdaýyny, çyglylygy saklamaga hem-de topragyň ýokumly serişdeler bilen baýlaşdyrylmagyna gözegçilik edýän awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar ulanylýar. Hasyl ýygnalýan döwürde her düýpden 10 — 12 kilogram pomidor almak meýilleşdirilýär.

Täze ýyladyşhananyň açylmagy bilen, welaýatyň ýaşaýjylary ekologiýa taýdan arassa ýokumly önüm bilen üpjün ediler, onuň doly kuwwatyna çykmagy bilen bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan döwlet maksatnamalaryna laýyklykda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümleri öndürmek babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge oňat mümkinçilikler dörär.

Şol gün Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň 9-njy kilometrinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň süýji-köke önümlerini öndürýän täze kärhanasynyň açylyşy boldy.

Desganyň 3,5 gektar meýdanynda dolandyryş binasy, süýji-köke öndürýän zawod, çig maly hem-de taýýar önümi saklamak üçin desgalar ýerleşdirildi. Kärhana meşhur öndürijileriň iň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlaryna eýedir. Bir günde zawod süýji-köke önümleriniň 92 tonnasyny — kökeleriň, şokoladlaryň we waflileriň jemi 63 görnüşini öndürmäge ukyplydyr. Önümçilik bölümlerinde 250-den gowrak işgär zähmet çeker. Kärhananyň doly kuwwatyna çykmagy bilen, onda öndürilýän önümleri hem daşary ýurtlara ibermek maksat edinilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň