Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekiliýeti Ýaponiýada saparda bolar

01:1921.03.2019
0
3773

20-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilen wideoaragatnaşyk arklaly iş maslahatynda döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew Ýaponiýa boljak gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, saparyň maksatnamasynda Ahal welaýatynda gurlan benzin öndürjek gazhimiýa toplumynyň goýberiş-sazlaýyş işleriniň barşyny, şol sanda bu kärhananyň açylyş dabarasyny geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Co. Ltd» hem-de «Sojitz Corporation» kompaniýalar konsorsiumynyň arasyndaky Çarçuwaly Ylalaşygyň esasynda bu toplumyň ikinji zawodynyň taslamasyny düzmegiň we doly taýýar edip gurmagyň meselelerine garalar.

Mundan başga-da, gepleşikleriň gün tertibine Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň «Galkynyş» gaz käninde işlemek üçin turbalary we beýleki önümleri getirmek boýunça şertnamany maliýeleşdirilmegi, Ýaponiýanyň beýleki işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy baradaky meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysyna Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, «Kawasaki Heavy Industries Co. Ltd», «Mitsubishi Corporation», «Toyo Engineering Co. Ltd.», «Sojitz Corporation» kompaniýalarynyň, şeýle hem Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş edarasynyň (NEXI), Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) we Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek boýunça görkezmeleri berip, ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyny döwrebaplaşdyrmaga, gaznebithimiýa senagatynyň täze, ýokary tehnologiýaly desgalaryny gurmaga abraýly öňdebaryjy işewürler düzümleriniň işjeň gatnaşmagynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Tokioda ýapon hyzmatdaşlary bilen işewür gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak tabşyryldy. Tutuş sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýelemegine gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy babatda Ýaponiýanyň maliýe düzümleri we kompaniýalary bilen gatnaşyk etmek geljegi uly ugur bolup görünýär.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary barada aýdyp, söwda, maliýe we maýa goýum ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitledi. Şol ulgamlar geçiriljek gepleşiklerde anyk ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Türkmenistan nebit hem-de gazhimiýa pudagynda täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýapon korporasiýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň