Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda harby gulluga çagyrmak we gullukdan boşatmak möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi

23:5820.03.2019
0
10980

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Permana gol çekdi. Resminamada şeýle diýilýär:

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2019-njy ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly.

2. Çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren uly ýaşly erkek raýatlary 2019-njy ýylyň aprel — iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň