Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2000-den gowrak tussagyň günäsi geçildi

23:4820.03.2019
0
6141

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Milli bahar baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Resminama laýyklykda, 2000-den gowrak tussag azatlyga çykaryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň