«Galkynyş» käninde tebigy gazyň nobatdaky senagat akymy alyndy

18:5120.03.2019
0
6807

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawçylary «Galkynyş» ägirt uly gaz käninde burawlanan 301-nji ulanyş guýusynda tebigy gazyň senagat akymyny aldylar. «Mawy ýangyjyň» senagat akymy 4496-4342 metr çuňlukda alyndy.

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň hasaplamagyna görä, bu ulanyş guýusynyň gündelik debiti 1 mln 868 müň kub metr tebigy gaza barabar bolar.

«Galkynyş» ägirt uly gaz känini özleşdirmegiň çäginde 2019-njy ýylyň başyndan bäri, gazanan ilkinji üstünligi däldir. Netijede, şu ýylyň ýanwar aýynda gündelik debiti 1 mln 940 müň kub metr tebigy gaza deň bolan iri senagat akymy bu gaz käniniň 262-nji guýusynda alyndy.

Häzirki wagtda «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň işgärleri «Galkynyş» gaz käniniň bir wagtda sekiz dürli gaz guýularynda buraw işlerini dowam edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň