Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Diwanow: Türkmenistanyň futzal we futbol ýygyndylaryna Horwatiýadan tälimçiler çagyryldy

14:1719.03.2019
0
12174

Türkmenistanyň futzal we futbol boýunça milli ýygyndylarynyň baş tälimçisi wezipelerine horwatiýaly hünärmenler getirilýär. Bu barada Russiýanyň “Rubininiň” baş tälimçisi Gurban Berdiýew bilen ýurdumyzyň futbol jemgyýetçiliginiň wekilleriniň duşuşygynda TFF-niň prezidentiniň birinji orunbasary Serdar Diwanow habar berdi.

“Ýene 2 günden Horwatiýadan futzal boýunça tälimçiniň gelmegine garaşýarys. Hormatly Prezidentimiz muňa ygtyýar berdi. 10 günden bolsa futbol boýunça milli ýygyndymyzyň täze baş tälimçisine garaşýarys. Häzir onuň wiza meseleleri çözülýär” – diýip, Serdar Diwanow duşuşyga gatnaşyjylara bu habary ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň