Türkmenistanly zenan basketbolçylar Azerbaýjanda, Litwada we Fransiýada türgenleşýärler

04:2319.03.2019
0
7661

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa we dünýä çempionatlarynyň öňüsyrasynda Baku şäherinde (Azerbaýjan) okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler. Olar bu ýerde, esasan, oýun gurnamak we fiziki taýýarlyk boýunça türgenleşerler.

Azerbaýjandaky türgenleşiklerden soňra zenanlar ýygyndymyz Litwa döwletine geçerler. Bu ýerde hem birnäçe gün türgenleşjek baskebolçylar, halkara ýaryşlaryň öňüsyrasynda Fransiýada hem gysga wagtlyk türgenleşikde bolarlar.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 3x3 basketbol boýunça Aziýa birinjiligine we dünýä kubogy ugrundaky halkara ýaryşa eýýäm üçünji gezek gatnaşýarlar. Halkara Baskebol federasiýasynyň (FIBA)  mart aýyndaky sanawyna görä, biziň basketbolçy zenanlarymyz 169 ýygyndynyň arasynda 22-nji basgançagy eýeleýärler.

Zenanlar ýygyndymyzyň iň esasy oýunçysy we kapitany Aýna Gökowa häzir Azady uniwersitetiniň toparynyň hatarynda Eýranyň çempionatynda çykyş edýär. Şu ýyl ol öz topary bilen Eýranyň Superligasynda altyn medala mynasyp boldy. Aýna mundan ozal Gazagystanyň we Türkiýäniň klublarynda basketbol oýnapdy. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysyna Aleksandr Paşkow tälimçilik edýär.

Basketbolyň bu görnüşi Halkara Olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji toparynyň karary bilen Tokioda geçiriljek Olimpiada 2020-niň sport maksatnamasyna hem girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň