Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Beniniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

23:5418.03.2019
0
3442

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Issirajou Gomina Ibrahimden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de ylalaşdyryjy başlangyçlary bilen halkara abraýa eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Beniniň doly ygtyýarly wekili bolup işlemegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary, milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar barada gürrüň berildi. Şonda dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Beniniň doly ygtyýarly wekili şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy.

Issirajou Gomina Ibrahim öz ýurdunyň ikitaraplaýyn söwda, işewür hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda syýahatçylyk we sport ulgamynda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy, şeýle hem parlamentara derejedäki gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

***

Şu gün Benin Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň DIM-inde kabul edildi. Bu ýerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek babatda pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň