Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň arasyndaky bilelikdäki beýannama

23:5218.03.2019
0
6201

1. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça 2019-njy ýylyň 17 — 19-njy martynda Onuň Alyjenaby Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Onuň Alyjenaby Patyşanyň ýany bilen ministrlerden, ýokary wezipeli adamlardan we işewürler toparynyň wekillerinden ybarat bolan ýokary derejedäki wekiliýet geldi. 2019-njy ýylyň 18-nji martynda Onuň Alyjenabynyň hormatyna Prezident köşgünde garşylamak dabarasy guraldy. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifa bilen duşuşyk geçirdi.

2. Resmi wekiliýetleriň duşuşyklarynyň dowamynda taraplar ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, köpugurly hyzmatdaşlygyň we adamlaryň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtadylar. Giň möçberli gepleşikler özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn, sebitleýin we köptaraplaýyn meseleler boýunça hoşniýetlilik, dostluk we geljege gönükdirilen peýdaly pikir alyşmak ýagdaýynda geçdi. Sapar iki tarapyň hem iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga berýän ähmiýetini görkezýär, şeýle hem ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge oňat mümkinçilik döredýär.

3. Taraplar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny nygtadylar hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine özleriniň bilelikde çalyşýandyklaryny tassykladylar. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleler, şol sanda syýasy meseleler, goranmak babatda hyzmatdaşlyk etmek, ykdysady gatnaşyklar, şol sanda energetika, ulag, syýahatçylyk we medeniýet meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

4. Taraplar soňky ýyllarda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlary yzygiderli amala aşyrýandyklaryna kanagatlanma bildirdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň fewral aýynda Bahreýne bolan saparyndan hem-de 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyna gatnaşan Onuň Alyhezreti daşary işler ministri Şeýh Halid Bin Ahmed Bin Muhammed Al Halifanyň Onuň Alyjenaby Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistana bolan iş saparyndan soň, täze itergä eýe boldy.

5. Taraplar bar bolan institusional usullaryň üsti bilen yzygiderli ikitaraplaýyn geňeşmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň umumy esasy bolup hyzmat etjek Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň döredilmegini goldadylar.

6. Taraplar şeýle hem 2011-nji ýylyň 9-njy fewralynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda gol çekilen Ikitaraplaýyn geňeşmeler hakynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde 2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda Manama şäherinde geçirilen ilkinji ikitaraplaýyn geňeşmeler duşuşygynyň netijelerini hem makulladylar.

7. Baştutanlar zorlukly ekstremizmiň ähli görnüşlerine garşy göreşmekde gatnaşyklara, özara hormat goýulmagyna, düşünişmäge we sabyrly çemeleşmelere ýardam edýän usul hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbitlerine halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.

8. Taraplar iki ýurduň halkara we sebit derejesinde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň parahatçylygy, ynsanperwerligi, durnukly ösüşi we umumadamzat gymmatlyklaryny berkitmäge hyzmat etjekdigini bellediler.

9. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda we Patyşa Hamadyň Parahatçylykly ýaşaşmak boýunça Ählumumy merkeziniň Manamada açylmagynyň iki ýurduň parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmek boýunça alyp barýan syýasatynyň subutnamasy bolup durýandygyny bellediler.

10. Taraplar iki ýurduň arasynda goranmak we howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem maglumatlary, seljeriş maglumatlaryny we öňdebaryjy tejribäni alyşmagy has-da güýçlendirmek barada karara gelindi. Taraplar terrorçylygy, onuň ähli görnüşlerini we ýüze çykmalaryny ýiti ýazgardylar hem-de ikitaraplaýyn derejede hem, Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraplaýyn ulgamynyň çäklerinde hem terrorçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge özleriniň çalyşýandyklaryny tassykladylar. Taraplar terrorçylyk bilen haýsy-da bolsa bir jynsyň, etniki degişliligiň we diniň arasynda hiç wagt baglanyşygyň bolup bilmejekdigi bilen ylalaşdylar. Iki tarap hem terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşde beýleki tarapyň möhüm ornunyň bardygyny ykrar etdi.

11. Taraplar öz ykdysadyýetleriniň mümkinçiliklerini belläp, öz maýadarlaryny has ýakyn ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de Bahreýniň «Bogazyň derwezesi» we sebitiň maliýe merkezi hökmündäki derejesini ulanmaga höweslendirmek, şeýle hem Merkezi Aziýanyň merkezinde ýerleşýän we dünýäde iň köp tebigy gaz gorlarynyň birine eýe bolan Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ulanmak barada ylalaşdylar. Taraplar iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny berkitmegiň we çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

12. Taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda we bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilende maýa goýum babatda hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde aýratyn orun eýeleýän türkmen we bahreýnli telekeçilere ýardam bererler.

13. Taraplar iki ýurduň arasynda senagatyň nebitgaz, nebit we gazhimiýa, energetika hem-de himiýa pudaklarynda, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary çykarmakda we gaýtadan işlemekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly ähmiýete eýedigini bellediler.

14. Taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda syýahatçylaryň sanyny has-da artdyrmaga çalşylýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegini makulladylar hem-de iki ýurduň raýatlaryna beýleki ýurda girmek üçin wizalaryň berilmeginiň ýeňilleşdirilmegi üçin zerur çäreleri görmek barada ylalaşdylar.

15. Taraplar iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmagy üpjün etmäge mümkinçilik berjek howa ulaglary babatda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini nygtadylar. Olar şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa, nebit we gaz, söwda we maýa goýumlary, ýaşlar we sport, medeniýet we syýahatçylyk, bilim, zähmet we zenanlaryň işleri babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge çalşylýandygyna ýokary baha berdiler.

16. Saparyň dowamynda bir ylalaşyga we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalaryň birnäçesine, şol sanda şu resminamalara gol çekildi:

1) Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýelerini wiza talaplaryndan özara boşatmak hakynda Ylalaşyga;
2) Ulag babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
3) Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
4) Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
5) Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
6) Elektron hökümet babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
7) Zenanlaryň işleri babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
8) Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
9) Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Bahreýniň Merkezi bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
10) Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Bahreýniň Söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

17. Taraplar bu resminamalaryň iki ýurduň arasynda görkezilen ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge esas bolup hyzmat etjekdigini bellediler.

18. Onuň Alyjenaby Bahreýn Patyşalygynyň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Onuň Alyjenabyna we onuň wekiliýetiniň agzalaryna hoşniýetli we mähirli myhmansöýerlik görkezilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Bahreýne barmaga çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Aşgabat, 2019-njy ýylyň 18-nji marty.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň