Soňky habarlar

Arhiw

Aşgbatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iki günlük sergisi we maslahaty geçirildi

18:5517.03.2019
0
4026

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iki günlük sergisi we maslahaty geçirildi. Öz hatarlarynda hususy işewürligiň wekilleriniň 22 müňden gowragyny birleşdirýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň gazananlarynyň giň gerimli sergisi ýurdumyzyň telekeçileriniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyny we mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezdi.

Forumyň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Sergi bilen tanyşlyk uly ekrandaky wideoşekiller bilen başlanyp, şolarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldamagy hem-de üns bermegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň üstünlikleri görkezilýär.

Şu ýyl sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen hususy kompaniýalaryň 188-si öz diwarlyklaryny görkezýärler.

TSTB-niň döredilen ilkinji ýylynda bu birleşme agzalaryň 500-sini birleşdirip, olaryň güýji bilen milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işler ýola goýlup başlandy. Häzir bu birleşme öz hatarlarynda telekeçileriň 22 müňden gowragyny birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekeçiligi ösdürmäge berýän goldawy netijesinde, senagat önümleriniň möçberi 20,7 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi bolsa 21,7 göterim köpeldi. Hususy kärhanalaryň 2018-nji ýylda daşary ýurtlara eksport eden azyk harytlarynyň umumy möçberi, 2017-nji ýyla garanyňda, 63,8 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň mukdary 57,1 göterim artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 11 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde, TSTB-niň binasynyň mejlisler zalynda guramanyň agzalarynyň ýygnagy geçirildi.

Çykyşlarda we habarlarda meseleleriň giň topary, şol sanda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylda TSTB-niň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň geçirýän işleri bilen bagly meseleler barada aýdyldy. Şeýle hem TSTB-niň, derňew toparynyň guramaçylyk işiniň netijeleri, guramaçylyk we beýleki meseleler hakynda hasabatlar diňlenildi. Birleşmäniň döredilmeginiň 11 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň