Soňky habarlar

Arhiw

16-njy martda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 2-nji tapgyryna badalga berler

19:2015.03.2019
0
5123

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 2-nji tapgyry 16-njy martdaky "Nebitçi" - "Merw" duşuşygy bilen başlanýar. Duşuşyk Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda geçiriler. Tejribeli tälimçi Amanmyrat Meredowyň ýolbaşçylygyndaky "Nebitçi" 1-nji tapgyrda "Altyn asyrdan" uly hasapda ýeňlipdi. Edil şonuň ýaly, "Merw" hem kenarýaka şäherde ýerli "Şagadamdan" 0:1 hasabynda asgyn geldi. Bu duşuşykda toparlaryň ikisi hem täze möwsümdäki ilkinji utuklaryny gazanmak üçin göreşer.

2-nji tapgyryň duşuşyklary 17-nji martda paýtagtda geçiriljek "Aşgabat" - "Energetik" duşuşygy bilen dowam eder. Bu duşuşyk Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň şägirtleriniň şu möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygy bolar. 1-nji tapgyrda "Ahal" bilen geçirilmeli duşuşyk garşydaşyň yklym ýaryşyna gatnaşandygy üçin başga bir güne süýşürilipdi. "Aşgabadyň" täze möwsümdäki ilkinji garşydaşy "Energetik" bolsa täzelenen düzümi bilen ýara alyp ýetişdi. Mary DES-niň hemaýatkärligindäki topar möwsümiň ilkinji duşuşygynda öz meýdanynda Içeri işler ministrliginiň "Köpetdagyndan" 0:3 hasabynda ýeňildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan berlen habara görä, 2-nji tapgyrdaky "Köpetdag" - "Şagadam" we "Altyn asyr" - "Ahal" duşuşyklary 24-nji aprele geçirildi. Çünki bu toparlaryň esasy düzümdäki käbir futbolçylary Aziýa çempionaty - 2020-niň Tähran şäherinde geçiriljek saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň hataryna çagyryldy. Ýeri gelende, 1-nji tapgyrdaky "Ahal" - "Aşgabat" duşuşygynyň 27-nji martda geçiriljekdigini ýatladýarys.

2-nji tapgyryň duşuşyklary:

2019-njy ýylyň 16-njy marty (şenbe)

"Nebitçi" - "Merw"

Geçirilýän ýeri: Balkanabat, "Sport toplumy" stadiony

Başlanýan wagty: 17:00

Emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat)

Kömekçileri: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat), Yhlas Kurambaýew (Daşoguz)

Ätiýaçdaky emin: Ezizmyrat Annamyradow (Aşgabat)

Duşuşygyň inspektory: Eldar Ramazanow (Aşgabat)

17.03.2019 (ýekşenbe)

"Aşgabat" - "Energetik"

Geçirilýän ýeri: Aşgabat, "Aşgabat" stadiony

Wagty: 16:00

Emin: Babanazar Haknazarow (Aşgabat)

Kömekçileri: Nariman Garajaýew (Aşgabat), Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat)

Ätiýaçdaky emin: Ýusup Jumamyradow (Aşgabat)

Duşuşygyň inspektory: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat)

"Köpetdag" - "Şagadam" 24-nji aprele geçirildi

"Altyn asyr" - "Ahal" 24-nji aprele geçirildi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň