Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow täze möwsüme derbi bilen başlar

17:1015.03.2019
0
1997

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýyygndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow Özbegistanyň çempionatynyň täze möwsümine Daşkent derbisi bilen girişer. Ertir onuň topary, Özbegistanyň häzirki çempiony "Lokomotiw" täze möwsümdäki ilkinji duşuşygyny "Pahtakora" garşy geçirer. "Pahtakor" merkezi stadionynda geçiriljek duşuşygyň sagat 18-de başlanmagyna garaşylýar.

Topar 11-nji martda Dohada AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynyň çäginde geçiren duşuşygyndan soňra, ýene-de Özbegistana dolanyp, derbi duşuşygyna taýýarlanyp başlady. Ertirki duşuşykda biziň ildeşimiziň hem ýaşyl meýdana çykmagyna garaşylýar. Onuň esasy düzümde oýnajakdygyna ýa-da ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryndan meýdana girjekdigini bolsa baş tälimçi kesgitlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň